JEMGYÝET

Türkmenistanda el telefonlaryna iberilýän habarlar arkaly düşündiriş işleri geçirilýär

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderileri el telefonlaryna adaty bolmadyk habar aldylar. Onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi pyýadalar hem-de sürüjilere ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini ündeýär. SMS habarynyň birinjisinde pyýadalara ýüzlenilýär. Olara ýoluň gyrasynda we dynç alyş ýerlerinde döredilen ýaşyl zolaklary basmazlyk, olaryň üstünde oturmazlyk ýatladylýar. Şeýle-de, ýollary pyýadalar üçin niýetlenen ýörite ýerlerden kesip geçmek maslahat berilýär.

Ikinji SMS habary sürüjilere niýetlenen. Olara ulag serişdelerini dolandyranlarynda, hereketiň tizligini bellenen çäklendirmelere laýyklyk saklamagyň, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň zerurdygy ýatladylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: