Türkmenistanda ýaş hünärmenlere girdeji salgydy tölemekde ýeňillikler beriler
Türkmenistanda bilim edaralaryny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen hünärmenlere girdeji salgydyny tölemekde ýeňillikler göz öňünde tutmak meýilleşdirilýär. Oňa laýyklykda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi goşmak baradaky pikir öňe sürüldi. Onda bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibini kesgitlemek teklip edildi.
Bu baradaky pikiri Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahatda öňe sürdi.