YKDYSADYÝET

«Altyn gül» hususy kärhanasy önümlerini daşary ýurtlara iberýär

«Altyn gül» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda pomidoryň 200 tonnadan gowragy ýygylyp alyndy. Hasylyň hemmesi diýen ýaly Russiýa Federasiýasyna we Gazagystan Respublikasyna eksport edildi. 

Möwsümiň ahyryna çenli ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidordan jemi 450 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Isbaz obasynda ýerleşýän bu ýyladyşhana telekeçi Jorakuly Hemraýewe degişli. Bu ýerde ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan gök önümiň «Marwelans» we Çerri» sortlary ýetişdirilýär. 2,3 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada ekin topraksyz şertde ösdürilýär. Ýagny, pomidoryň ştilleri kokos garyndysy bilen doldurylan gaplara oturdylýar. Suwaryş damjalaýyn usulynda alnyp barylyp, ekiniň ösmegi we hasyl bermegi üçin zerur bolan dökünler suw bilen pomidorlaryň köküne berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: