Dünýä köp ýyllaryň dowamynda koronawirus bilen endemiki kesel hökmünde ýaşamagy öwrenmeli bolar, ýurduň Milli saglygy goraýyş gullugynyň resminamalaryna salgylanmak bilen, «Daily Mail» gazeti habar berýär. Bu barada Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.
«SARS-CoV-2» özüniň ýaýramagynyň depginini saklar, ýöne dümewleme we beýleki respirator keselleri ýaly, ýylyň sowuk wagty «döwürleýin joşar», diýlip garaşylýar. Alymlar sanjymyň kömegi bilen «COVID-19» durnukly ýagdaýa geler diýip tama edýärler.
Sanjym almak keselden goranmagyň iň ygtybarly usulydyr.