JEMGYÝET

Ahal welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 4 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 8-si açylyp ulanylmaga berildi.

Änew şäheriniň «Türkmenistan» ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga berlen iki sany 4 gatly, 64 öýli we iki sany 4 gatly, 48 öýli iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle-de Magtymguly geňeşiniň çägindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda dabaraly ýagdaýda açylan dört sany 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň, degişlilikde, «Buýsanç gurluşyk» hususy kärhanasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň ezber elli gurluşykçy hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: