JEMGYÝET

Balkan welaýatyndaky täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi  

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy esasynda, Watan goragçylary üçin her biri 32 hojalyga niýetlenen dört gatly, 2 sany ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Bu täze jaýlar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gurlupdyr. Şeýle hem bu şäheriň çägindäki harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçylaryna (esgerlere) niýetlenen, ýokary hil ölçeglerine laýyk guran 200 orunlyk ýatakhanasy we 100 orunlyk naharhanasy hem dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy.

Welaýatyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleridir inžener-tehniki işgärleri üçin gurlan, dört gatly, hersi 52 hojalyga niýetlenen täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň iki sanysy hem açylyp ulanmaga berildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde çagalar üçin ýörite oýun hem-de ulular üçin sport meýdançalarynyň, dükanyň, toýdur sadaka üçin ýörite binanyň, awtoulaglar üçin bassyrmalaryň gurlandygyny bellemek gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: