YKDYSADYÝET

Şu ýyl Türkmenistanda 224 müň tonna gant şugundyry öndüriler

Gant şugundyryny Balkan we Mary welaýatlarynda ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan boýunça şu ýyl 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler we ondan 224 müň tonna hasyl alynar. Munuň üçin Balkan welaýatynda gant şugundyryny ekmek üçin 3 müň gektar ýer bölünip berler. Ondan 24 müň tonna hasyla garaşylýar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektara bu ekin ekiler we ondan 200 müň tonna hasyl alnar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barda degişli Karara gol çekdi. Onda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: