YKDYSADYÝET

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýator önümçiligini ösdürýär

Ýylyň başyndan bäri «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde 36 müň 430 akkumulýator öndürildi. Geçen ýylyň dokuz aýynyň jemi boýunça bu görkeziji 21 müň 946-a barabar bolupdy. Bu maglumatlary «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty getirýär.

Munuň özi hojalyk jemgyýetiniň öndürijilik kuwwatynyň barha ýokarlanýandygynyň, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň aýdyň subutnamalarydyr.

Bu hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň 7 görnüşi, ýagny, 60, 65, 75, 90, 100, 190 hem-de 200 amper/sagat ýaly görnüşleri öndürilip, ýurdumyzyň ähli künjeginde alyjylara hödürlenýär, şeýle hem goňşy Owganystan döwletine eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: