JEMGYÝET

Daşoguz şäherinde prokuratura işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Daşoguz şäherinde welaýatyň prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisi ulanylmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýat merkeziniň Aşgabat köçesiniň ugrunda bina edilen, her biri 16 öýli, dört gatly täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň baş potratçylygynda «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: