Adam-balyk: ol hakykatdan hem barmyka ýa-da toslamamyka?
On ýedinji asyryň ikinji ýarymynda bolup geçen bir waka barada gürrüňe başlamazdan ozal hökmany suratda: «Ha ynan, ha ynanma!» diýen çagalygymyzdan tanyş jümläni ýatlamaly. Şol döwürde ýaşap geçen bir oglanyň ykbaly barada häzire çenli hem «kelle döwýärler», ýöne belli bir netijä gelip bilmeýärler. Sebäbi ol barada oýlanara zat kän. Onuň adyna Fransisko de la Wega Kasara diýýärler. Täsin ykbally bu oglan 1656-njy ýylda Ispaniýanyň demirgazygynda ýaşaýan bir maşgalada eneden doguldy.
Eýsem, ol döwürdeşleriniň gözlerine, häzirki adamlaryň gulaklaryna ynanmazlary ýaly näme etdikä? Geliň, bu barada birbaşdan durup geçeliň. Bu barada Rambler ýazýar.
Fransisko çagalygyndan obadaşlaryny haýran galdyryp başlapdyr. Ýagny, bäş ýaşyndan başlap, suwda örän gowy ýüzüpdir, on minuda çenli suwuň aşagynda dem alman durmagy başarypdyr. Özem, geň galaýmaly. Onuň özünden uly üç erkek doganynyň birinde hem şeýle ukyby bolmandyr. On alty ýaşy dolanyndan soň Fransisko agaç ussasy hünärini ele almak üçin dogduk obasyndan şähere okamaga gaýdypdyr. Elbetde, okuwdan boş wagtlary dostlary, deň-duşlary bilen suwa düşüpdir. 1674-nji ýylyň günleriniň birinde hem tanyşlary bilen derýa suwa düşmäge gidipdir. Şol gün ýaş ýigidi iň soňky gezek görenleri bolupdyr. Bile suwa düşmäge gelenler derýanyň güýçli akymynyň Fransiskony deňze tarap alyp gidendigini görüpdirler, ýöne oňa hiç hili kömek berip bilmändirler. Soňam ony gözläp, tapyp bilmändirler. Şonuň üçin hem, ýigidiň suwa gark bolandygyny yglan edipdiler.
Ýöne 1679-njy ýylda bolan bir waka onuň gark bolanlygy barada şübhelenmäge sebäp bolupdyr. Şol wagt balykçylar Ispaniýanyň günorta-günbatar kenarynda balyk tutup ýören ekenler. Birdenkä olaryň gämisiniň ýakynyndan suwuň aşagyndan adama meňzeş täsin zat ýüzüp geçipdir. Balykçylar ony üns berip synlap ýetişmändirler. Sebäbi ol dessine deňziň düýbüne çümüp gidipdir. Şondan soň geň galdyrýan deňiz ýaşaýjysyny görendikleri barada kenarda ýaşaýan beýleki adamlar hem aýdyp başlapdyrlar. Şondan soň her dürli zady güman edip ýörmäniň soňuna çykmak maksady bilen bu geň jandary tutmagy makul bilipdirler.
Ýöne köp wagtlap bu hiç kime başartmandyr. Adamlar şonda-da öz maksatlaryndan ýüz döndermändirler. Ahyry olary yhlasy hasyl bolupdyr: nämeligi belli däl «deňiz jandary» gurlan torlaryň birine düşüpdir. Ony gyra çekip çykaran balykçylar, «awyny» görmäge gyssanypdyrlar we tora çolaşan jandara gözleri düşenden, haýran galypdyrlar — olaryň öňünde oňurgasy dikligine balyk teňňeleri bilen örtülen çypar saçly ýaş ýigit peýda bolupdyr. Aýaklarynyň we barmaklarynyň arasynda bolsa ýukajyk perde bar eken. Ony keramatly Fransiskonyň buthanasyna alyp barypdyrlar we ol ýerde soraga tutupdyrlar. Ýöne «ýesir» näçe synanyşsa-da, gepläp bilmändir, ýöne düşnüksiz çykýan sesleriň arasynda birden «Lýerganes» diýen söz anyk eşidilipdir. Emma birbada oňa känbir ähmiýet bermändirler.
Şondan ep-esli wagt geçenden soň ruhanylaryň biriniň ýadyna Lýerganesiň Ispanyýanyň demirgazygynda ýerleşýändigi ýadyna düşüpdir. Ýene-de biraz wagtdan soň mundan birnäçe ýyl ozal şol obada ýaşaýan çypar saçly bir ýigidiň atsyz-habarsyz ýitip gidendigi barada habar gelip gowşupdyr. Şonuň üçin hem, «adam-balygy» Fransisko de la Wega Kasaranyň doglan obasyna ibermegi makul bilipdirler. Şeýtmek bilen, olar kelebiň ujyny tapjak bolupdyrlar. Tizlikde, hakykatdan hem, ruhanylaryň dogry netijä gelendigi belli bolupdyr. Mariýa de la Wega Kasar ony tanapdyr we bu «adam-balygyň» öz ogludygyny aýdypdyr. Şeýlelik bilen, Fransisko obada ýaşap başlapdyr.
Şondan soň ol on ýyla ýakyn wagtlap de la Wega Kasarlaryň maşgalasynda ýaşapdyr. Tiz wagtdan onuň obanyň adamlary onuň, hakykatdan hem, birwagtlar ýitirim bolan Fransikodygyna ynanyp başlapdyrlar. Sebäbi olar deňizden tapylan nätanyş adamyň obanyň ähli ýerlerine beletdigini görüpdirler. Ol barjak ýerini azaşman, tapýar eken. Ýöne näçe wagt geçse-de, ol geplemäni welin öwrenmändir. Özem, obada diňe aýakýalaňaç gezer eken.
Oglan suwa düşmek endigini hem saklap galypdyr. 1683-nji ýylyň bahar aýlarynyň birinde ol, adatça edişi ýaly, ýene derýa suwa düşmäge gidipdir we şondan soň gaýdyp yzyna dolanmandyr.
Köpler «adam-balyk» baradaky gürrüňli rowaýatdyr diýip pikir edýärler. Ýöne Ispaniýanyň demirgazygynda ýerleşýän Lýerganes obasynda Fransisko de la Wega Kasaryň ýaşandygy, onuň ýitip gidendigi, şondan ençeme ýyllar geçenden soň täsin ýagdaýda ýene-de dolanyp gelendigi barada maglumatlar bar. Lýerganes obasynyň ýaşaýjylarynyň arasynda bu waka barada eşitmedigi ýok diýen ýaly. Bu ýerde «adam-balygyň» ýaşap geçendigine obanyň içinden akyp geçýän derýanyň kenarynda ýaşaýjylar tarapyndan oturdylan heýkel hem şaýatlyk edýär. Kenardan alyslara seredip, ýüzüne uzaklary göresi gelýändigi ýazylyp duran gussaly ýigidiň keşbi oba gelýänleriň ünsüni dessine özüne çekýär.