DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Onuň dosty ýaguar

Internetde bir oglanyň iki sany ýaguar (pişikler maşgalasyndan bolan ýyrtyjy haýwan) suwa düşüp duran suraty peýda bolanda, köp adamlar onuň hakykylygyna ynanmajak boldular. Ýöne ol hakyky bolup çykdy. Suratdaky ýagdaý onuň durmuşynyň adaty günlerini biri eken. On iki ýaşly bu oglanyň adyna Týago Silweýra diýýärler. Ol Braziliýada ýaşaýar. Bu ýyrtyjy haýwan bilen oýnamak — onuň üçin adaty ýagdaý. Sebäbi ol çagalygyndan ýaguarlaryň arasynda ösdi. Bu barada Rambler ýazýar.
Beýle diýsek, ol adybir kinofilmiň gahrymany Maugli ýaly birwagtlar jeňňellikde ýa-da başga ýerde galdyrylan bir çagadyr diýip pikir edäýmäň. Ol ene-atasy bilen bile ýaşaýar. Bar gepem şolarda. Týagonyň kakasy Leandro Silweýra we ejesi Ana Jakomo — käri boýunça biologlar. Olar Goýas ştatynda ýerleşýän Braziliýanyň ýaguarlar institutynda işleýärler. Alymlaryň işiniň maksady pişikler maşgalasyna degişli bolan bu ýyrtyjy haýwanlary öwrenmekden we olaryň sanyny saklap galmakdan ybarat.

— Meniň oglum doglanyndan soň ýagurlaryň arsynda ulaldy we ol çagalygyndan bu ýyrtyjy haýwanlar bilen bile ylalaşyp ýaşamany öwrendi. Elbetde, biz oňa käbir çäklendirmeleri girizdik. Ýöne ol şonsuzam haýwanlar bilen özüni nähili alyp barmalydygyny bilýär. Olar bilen bile ýaşamak — onuň üçin tebigy ýagdaý. Bu onuň gündelik durmuşynyň bir bölegi, şonuň üçin hem Týagonyň özüni alyp barşynda hiç hili üýtgeşik zat ýok — diýip, Leandro Silweýra gürrüň berýär.
Týago dünýä inende, onuň maşgalasynda eýýäm ýaguaryň üç çagasyna ideg edilýär eken. Şonuň üçin hem, ony gezelenje çykaranlarynda, ýanlarynda hemişe bu ýyrtyjy haýwanyň çagajyklary hem gezýärler eken. Olaryň hemmesini bir wagtda çüýşejige guýlan iýmit bilen naharlapdyrlar. Leandro Silweýra çagalygyndan oglunyň aňyna ýaguarlar barada okaýan leksiýalarynda aýdýan şeýle pikirini siňdiripdir: «Bu haýwanlar adama özüniň bolup biläýjek pidasy hökmünde garamaýarlar. Olar özlerini biziň özümizi alyp barşymyza görä alyp barýarlar, şonuň üçin hem olara hormat goýýandygyňy görkezmeli. Ýaguarlar özüni alyp barşy bilen, ýanyndan bolmagymyzy islemeýändigini görkezýärler. Şonuň üçin hem, hemişe öz çägiňi bilmek möhüm». Şonuň ýaly-da, ýaguar bile bolasy gelse, hökman ýanyňa özi gelýändigini, öý haýwanlary ýaly bolmasalar-da, uzak wagtlaýyn gatnaşygy ýola goýmagy başarýandygyny nygtaýar.
Týagonyň ejesi Ana Jakomo şu wagta çenli ogly bilen ýaguarlaryň arasynda hiç hili düşünişmezligiň bolmandygyny aýdýar. Ýöne şonda-da, olar ogly ýyrtyjylar bilen bile bolanda, çagany bir pursat hem gözegçiliksiz galdyrmaýarlar.
Leandro Silweýra bilen Ana Jakomonyň garaşyk edýän ýaguarlary biologlara degişli bolan meýdany 50 gektar töweregi bolan çäkde ýaşaýarlar. Ýyrtyjy haýwanlaryň rahatlygyny bozmazlyk üçin keseki adamlara bu ýere girmek gadagan edilen. Olar pişikler maşgalasyna degişli bolan bu haýwanlary öwrenmek maksady bilen 2002-nji ýylda ýaguar institutyny döretdiler. Braziliýanyň daşky gurşaw we energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri institutynyň wekilleri kömek sorap ýüz tutanlaryndan soň, olar ýaguarlaryň çagalary üçin düşelge gurmagy ýüregine düwdüler. Häzir maşgala degişli jaýlaryň ýarysy haýwanlaryň düşelgesiniň gerek-ýaragy üçin berlen.
Leandro Silweýranyň aýtmagyna görä, bu haýwanlary saklamagyň maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin gerekli serişdeleriň 95%-i maşgalanyň hususy serişdeleriniň, galan bölegi adamlaryň haýyr-sahabat diýip berýän pullarynyň hasabyna amala aşyrylýar. Şonuň üçin hem, pul gözlemegiň ýaşamak üçin möhüm zerurlykdygyny maşgala başy belleýär. Häzir maşgala on dört sany (olaryň dördüsi çagalary) ýaguara garaşyk edýär. Soňky on ýylyň dowamynda haýwanlaryň bu düşelgesinde otuz bäş ýaguar boldy. Olaryň köpüsini Gyzyl kitaba girizilen bu haýwanlary köpeltmek we olaryň görnüşini saklamak bilen meşgul bolýan beýleki guramalara iberýärler. Ýöne adamlaryň öldürmeginden hatyr edip, hiç wagt hem olary ýabany tebigata goýbermeýärler. Bu babatda, aýratyn hem, mallaryny gorajak bolup ýaguarlary ýok edýän fermerler tarapyndan howp abanýar. Düşelgede bolandan soň bu ýyrtyjy haýwanlarda dörän adama bolan garaýyş hem olaryň janyna howp abandyrýandygyny Ana Jakomo belleýär. Onuň aýtmagyna görä, şondan soň ýaguarlara adam bilen aýrylyşmak agyr degýär we olaryň ynsan bilen ýakynlaşjak boljak bolup synanyşjakdygyny, netijede bolsa adamyň pidasy bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Biologlaryň ogly Týago bolsa diňe özüniň bu haýwanlary däl, olaryň hem özüni gowy görýändiklerini duýmagyň ýakymlydygyny belleýär. Ol hem ene-atasynyň göreldesine eýerip, biologiýany öwrenmekçidigini, olaryň işini dowam etdirjekdigini aýdýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply