DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alymlar: Ýerde howanyň gyzgynlygy ýokarlanar

Sýurihdäki ýokary tehniki mekdebiň hünärmenleri ýakyn onýyllyklarda howanyň üýtgemegini modelirlediler we ynjaltmaýan netijä geldiler, diýip «mail.ru» ýazýar. Global maýlamagyň netijesinde Ýer ýygy-ýygydan ekstremal yssydan ejir çeker. Wagtal-wagtal dünýäniň dürli ýerlerinde jöwza bolup geçer. Onýyllygyň dowamynda saýýaranyň umumy temperaturasy takmynan 0,2°C gradus ýokarlanar. 2100-nji ýyla çenli Ýeriň üsti häzirkisinden 3°C ýokary bolar. Göräýmäge, bu bu köp däl ýaly. Ýöne alymlar şu wagta çenli Ýeriň hiç wagt hem şonça gyzmandygyny duýdurýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: