DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

377 litr gan bagyşlady

Awstraliýaly donor Jeýms Harrison 60 ýylyň dowamynda çagalaryň 2 milliondan gowragyna gan bagyşlap, şonça ömre ömür goşdy.
Heniz 14 ýaşyndaka, onuň özi bir agyr kesel bilen operasiýa bolýar. Şonda oňa gan gerek bolupdyr. Jeýms Harrison heniz hem şu güne çenli ýaşamagynda şol gan beren adamlaryň uly paýy bar diýip hasaplaýar. Şonuň üçin hem ömürboýy özüni şolaryň öňünde karzdar hasaplap gezdi.
Ilkinji gezek 18 ýaşynda gan beren donoryň gany hamyla aýallara gerekli gan toparyndan bolup çykdy. Şondan bäri hem onuň gany bäbek dünýä indirýän eneleriň özüniň we bäbeginiň ömrüni halas etmek üçin ulanylýar.
Hasaplanyp görülse, ol häzire çenli 377 litr gan beren eken.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply