JEMGYÝET

Lebaply telekeçi ýyladyşhanasynda 280 tonnadan gowrak pomidor ýetişdirdi

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde hereket edýän «Hasylly» ýyladyşhanasynda ýylyň başyndan bäri 280 tonnadan gowrak pomidor ýygnaldy. Bu geçen ýyldakysyndan 30 tonnadan köpdür.
Ýyladyşhana telekeçi Döwlet Hojamyradowa degişli. Ol 2019-njy ýylda işe girizildi we geçen ýyl ilkinji gezek hasyl ýygnaldy. Şonda 250 tonna pomidor söwda nokatlaryna ugradyldy. Şu günler bu ýerde hasyl ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, möwsümiň ahryna çenli ýene-de 60 tonna töweregi pomidor ýygnalynmagyna garaşylýar.
Ýyladyşhanada ýetişdirilen hasylyň 80 göterimi Russiýa Federasiýasyna we Gyrgyzystan Respublikasyna, şonuň ýaly-da, wagtal-wagtal Özbegistana we Owganystana eksporta iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: