DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Eýýäm ikinji gezek 4 million dollar utdy

ABŞ-nyň Miçigan Ştatynyň ýaşaýjysy Mark Klark tüýs bagty getirenleriň biri. Ol soňky üç ýylyň içinde eýýäm ikinji gezek her biri 4 million dollarlyk utuşly bijäniň eýesi boldy.
Utuşly bijeleri çekmäge baranda kakasyndan galan «jadyly teňňäniň» şowlulygyna bil baglaýan Mark Klark bu barada şeýle diýýär:
«Hiç haçan «Şu gün-ä 4 million dollar gazanaryn» diýip ukudan oýanmaýarys. Bu şowlulygyň iki gezek nesip etjekdigi bolsa, hatda düýşüme-de girmedi». Elbetde, bolan işe onuň özi hem haýran.
Klark utan serişdesini dynç almak we maşgalasy üçin sarp etmekçi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: