MEDENIÝETSUNGAT ADAMLARY

Nakgaş türkmen bagşysynyň keşbini döretdi

Nakgaş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýew täze işini tamamlady.
Ol onda çeper serişdeleriň kömegi bilen türkmen bagşysynyň keşbini beripdir. Nakgaş bagşyçylyk sungatynyň köklerini, onuň bilen bagly däpleri we milliligi açyp görkezmegi başarypdyr. Awtor prototip hökmünde türkmen halkynyň bagşylyk sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan, sungaty öwreniji, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň keşbini alypdyr. Belli şahsyň suraty çekilen hem bolsa, bu nakgaşçylyk eseri umumylaşdyrylan keşbiň açylyp görkezilendigi, milli häsiýetiň çeper beýanyny tapandygy bilen hem gymmatlydyr. Reňkleriň sazlaşygy taryhyň ähli döwürlerinde türkmen halkynyň aýdym-sazynyň ruhy köklerini, onuň durmuşda tutýan ornuny açyp görkezýär. Suratyň her detaly aýratynlykda çuň mazmuna eýe bolup, ol umumylykda milli bagşyçylyk sungatynyň taryhy we şu güni barada giň düşünje berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply