YKDYSADYÝET

Zyýankeşleriň garşysyna biologiki usulda göreş alnyp barylýar

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde hereket edýän biokärhanalaryň işgärleri ekinleri zyýankeşlerden goramakda zerur çäreleri durmuşa geçirýärler.

Üstümizdäki ýylda olaryň güýji bilen ekinleri biologik usul bilen goramakda peýdalanylýan trihogrammanyň 37 kilogramyny, gabrobrakonyň 56 million, altyngözlüjäniň 10 million 350 müň sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, biokärhanalarda bu babatdaky aladalara bellenilen möhletlerde girişilip, bioönümleri öndürmekde, olary ekin meýdanlaryna ýaýratmakda oňyn netijeler gazanylýar. Munuň özi şu wagta çenli etrap boýunça 7 müň gektara golaý bugdaý meýdanyna altyngözlüjäniň degişli möçberiniň goýberilmegine mümkinçilik berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: