YKDYSADYÝET

«Lebapnebitgazgözleg» Balkan welaýatynda netijeli işleri geçirýär

Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary bolan «gara altyny» we «mawy ýangyjy» gözlemekde «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri möhüm işleri alyp barýarlar.

Olar şu ýylyň geçen on aýynda guýularyň 10-synda, ýagny, Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Batgalyýer, Uzynada, Goturdepe-1907, Goturdepe-242, Garadaşly, Çukurguýy, Akpatlawuk we welaýatymyzyň çägindäki Çalgerişbaba, Gazlydepe, Malaý ýaly guýularda gözleg-gazuw işlerini geçirdiler. 

Degişli döwürde meýilnama boýunça 7 müň 103 metr çuňluk gazylyp, 92 million 731 müň manatlyk iş edildi. Häzirki wagtda gözleg-gazuw işleri bilen bir hatarda käbir guýularda düýpli abatlaýyş işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: