Ýylyň başyndan bäri 4 million 500 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama 102,3 göterim berjaý edildi

Bu görkeziji Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabrigine degişlidir. Kärhanada 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilip, olaryň aglaba bölegi senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda tikilýär. Fabrigiň satuwa çykarýan çagalar egin-eşikleri we dürli möçberdäki ýorgan-düşekler ilatyň uly islegini gazanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector