BIZE YAZYARLAR

Türkmenleriň suwaryş desgalary

XIX asyrda, ondan ozalam halkyň ykdysadyýetiniň esasyny iki sany pudak – ekerançylyk bilen maldarçylyk düzüpdir. Tebigy möçberine görä, bir ýerde maldarçylyk agdyklyk etse, beýleki ýerde ilatyň esasy käri ekerançylyk bolupdyr. Taryhy edebiýatda türkmenleri adatça ikä bölýärler, ýagny çarwalar bilen çomrular.

Taryhy maglumatlardan türkmenleriň ep-esli derejede ösen suwaryş setiniň bolandygyny, olaryň ýer suwarmak üçin Murgapda, Tejende, Horezmde, Lebapda dürli gidrotehniki desgalary gurandygy barada taryhy maglumatlarda aýdylýar. Olar bent, gatla, gaçy, iri magistral kanallar gurup, onlarça käriz ulgamyny gazyp, bu işlerde tehniki serişdeleri ulanypdyrlar. Şeýle uly göwrümli suwaryş desgalary gurmak, ene ýaplary we suwaryş setini çekmek, olary her ýyl arçamak, käriz gazmak ýaly işler müňlerçe daýhanlaryň tagallasyny jemlemegi talap edipdir, gazy-haşar işleri halkyň gerdenine agyr ýük bolup inipdir.. Çarwalar maldarçylyk hojalygyny alyp barmagyň bütin ulgamyny işläp düzüpdir we munuň örän gadymdan gelýän däp-dessurlaryny saklapdyr. Suwsuz çöllüklerde nireden guýy gazmalydygyny kesgitläp bilýän guýy ussalary bolupdyr, mal bakmaklygyň düzgünlerini berjaý edýän tejribeli çopan-çoluklar gyşyn-ýazyn tebigatyň agyr şertlerinde öz işini, kesbi-kärini dowam etdiripdirler. Olar tebigatyň «dilini» birkemsiz bilipdirler: Tebigatyň alamatlaryna seredip, gyşyň-ýazyň nähili geçjekdigini, haçan gar-ýagşyň agjakdygyny takyk anyklapdyrlar.

Türkmen daýhanlary ekerançylyk hojalygyny alyp barmakda dürli tebigy, howa şertlerine gowy düşünipdir, ýerüsti we ýerasty suwlary ulanmagy başarypdyr, bent gurmakda, ýap çekmekde mikrorelýefi, tehniki tärleri ulanypdyr, halkyň endige öwrülen ussatlygy bolupdyr. Asyrlar boýy dowam eden halk tohumçylygy netijesinde üýtgeşik hilli medeni ekinleriň durnukly tohumlarynyň onlarçasyny ýetişdiripdir. Tejeniň suwsuzlyga çydamly bugdaýy, Sakaryň gülaby gawuny, irki, giçki, gyşky, ter we etlek gawunlaryň tohumy, ýerli gowaçanyň, jöweniň, üzümiň, miweli agaçlaryň tohumlary türkmenleriň öz tohumçylyk netijesinde ýetişdiren ekinleridir. Maldarçylykda-da asyrlar boýy seçip-saýlap meşhur ahal-teke we ýomut atlaryny, ýüke werdiş, süňňi iri, örän çydamly arwana düýäni, göwresi uly, guýrukman, eti näzik, ap-ak ýüňli saryja tohumly goýny, «türkmeni», salpyguýruk «araby», «kürti», «garaköli» goýunlaryň tohumy giňden ýaýrandyr.

Türkmenistanda emeli suwaryş esasan-da ekerançylygy alyp barmak üçin adatyň kanuny boýunça ýere-suwa jemagatyň özi eýeçilik edip, ony bijeli sanaşyk esasda her ýyl täzeden paýlap ekin ekipdirler, suw nobatyny belläpdirler. Mülk ýerleri ilki ömürlik, soňra nesilden-nesle miras hökmünde geçýän müdimilik hususy eýeçilige öwrülipdir. Şonuň üçin hem jemagat ýerlerine garanda mülk ýerleriniň girdejisi köp bolupdyr. Sebäbi mülk ýerleriň eýesi ýerine yhlas edipdir, ýeri dökünläp, bejerip, rejeli suwaryp, onuň hasyllylygyny artdyrypdyr.

Merjen Gurbangylyjowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly hasapçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: