JEMGYÝET

Kerki etrap kazyýetiniň edara jaýyny ulanylmaga tabşyryldy

Şu gün Kerki şäherinde etrap kazyýetiniň edara jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga tabşyryldy. Ony Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.

Iki gatly binada kazyýet işgärleriniň işlemekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde iş otaglaryndan başga-da, kazyýet mejlislerini geçirmek üçin zal bar. Galkynyş otagynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, hukuk edebiýatlary goýlupdyr. Bu ýerde kazyýet işgärleri üçin trenažýorlar goýlan sport zaly, duş otagy, kiçijik myhmanhana hem gurlupdyr. Gurlan ýyladyşhanada bolsa pomidor ýetişdirilýär. Jaýyň ýanaşyk ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri geçirilip, onda agaç oturdylypdyr.

Kazyýet işgärleriniň baýramçylyk eşiginiň reňkinde gurlan jaýyň öňünde guralan dabarada ýaşuly, kazyýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň we tansçylarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Binanyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: