YKDYSADYÝET

Zerger «Demirbetonönümleri» Türkmenabatda we Balkanabatda ýaşaýyş jaýlaryny gurýar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda şu ýylyň geçen on aýynda gurnama demir-beton önümlerini öndürmek baradaky meýilnama 109,1 göterim berjaý edildi. 

Şonda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 122,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şu ýylyň geçen aýlarynda harytlyk betonyň 1551 kub metri öndürildi we bu baradaky meýilnama 112,8 göterim ýerine ýetirildi.

Kärhananyň binagärleri ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işlerinde yhlaslylyk görkezýärler. Olar tarapyndan häzirki wagtda Türkmenabat şäherinde we Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabatda kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: