YKDYSADYÝET

«Aziýa plastik» ýumşak gap çykarmagy özleşdirdi

«Aziýa plastik» kärhanasy ýerli polipropilenden önümiň ilkinji tapgyryny çykardy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 1-nji oktýabrda ürgün serişdeler üçin polipropilen halta öndürýän zawod işe girizildi, diýip «Türkmenistan Altyn asyr» saýty ýazýar.

Indi sehde oturdylan awtolamik enjamda 50-60 kilogram un daşamak üçin ýumşak gap taýýarlanylýar. Önüm çykarmak üçin Türkmenbaşy NGIZT-nda we Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän ýerli çig mal ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: