BIZE YAZYARLAR

Zelelli pişeden daş bolan ýagşy

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde adam saglygyna we sagdyn durmuş ýörelgelerine jemgyýetiň durnukly ösüşiniň hem-de adamyň durmuş bagtyýarlygynyň girewi hökmünde garalýar. Adamzat üçin saglykdan gymmatly zat ýok. Sagdyn durmuşy ündäp gelen halkymyzyň «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Başy sagyň maly tükel» diýen gymmatly pähimleri döretmegi tötänden däl.  Ýurdumyzda hem temmäkä garşy göreşmek boýunça giň möçberli çäreler geçirilýär. Saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endikleriň biri hem çilimkeşlikdir.

Çilimkeşlik zyýanly endikleriň howplusydyr. Çilimiň tüssesinde zyýanly himiki birleşmeler bolup, olaryň 40-sy has howpludyr. Ol adamyň iýmit siňdiriş, dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynda ölüm howply keselleriň döremegine getirýär. Nikotinden ýiti zäherlenme bolan ýagdaýynda ögemek, gaýtarmak, başaýlanma, gulagyň şaňlamasy, ýürek urşuň näsazlygy, sowuk der basma, deriniň agarmasy, kelleagyry, sandyrama, sykylykly dem almalar, titremeler, beden gowşamasy ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.

Çilim yzygiderli çekilende, köp wagtyň geçmegi bilen bedene düşýän nikotin we beýleki zäherli maddalar dowamly zäherlenmä getirip, ol hem  dem alyş agzalarynyň, ýürek-damar ulgamynyň, aşgazan-içege ýollarynyň, eşidiş, görüş, ys alyş, tagam duýuş agzalarynyň işleýşinde näsazlyk döredýär. Netijede dowamly bronhite, öýken howply täze döremesine getirýär.

Çilim çekýänlerde böwregüsti mäziniň bölüp çykarýan gormony bolan adrenalin ganyň düzüminde köpelip, damarlary gysýar, esasan hem ýürek damarlaryna täsir edýär, aterosklerozyň döremegine itergi berýär, gipertoniýa keseline, ýüregiň işemiýa keseline we onuň gaýra üzülmelerine getirip bilýär. Gipertoniýa keseli çilim çekmeýänlere garanyňda, 10 esse miokardyň, infarkty 6 esse köpdür. Çilim çekmek öňden bar bolan içki agzalaryň keselleriniň ýitileşmegine, gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyna itergi berýär.

Umuman, zyýanly endikler adamyň ömür dowamlylygyny, takmynan, 10 ýaş kemeldýär. Çilim çekmek diňe bir çilimkeşiň saglygyna zyýan bermän, eýsem, onuň töweregindäki çilim çekmeýän sagdyn adamlaryň bedenine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Çilim çekmeýän adamyň temmäki tüssesinden dem almagy edil çilim çekýänleriňki ýaly zähere sezewar bolýar.

Ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreşe, çilim çekmegi taşlamaga islegi bolan adamlaryň bejergisini guramaga, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine köp üns berilýär we şertler döredilýär. Ilatymyzyň sagdynlygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Perman Şamuradow,

welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: