JEMGYÝET

Geljekki žurnalistler üçin okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Žurnalistiň döredijilik işiniň esaslary» atly okuw kitaby neşir edildi.

Bu kitap ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir. Okuw kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň dürli ugurlary, şol sanda žurnalistik döredijiligiň aýratynlyklary, redaksion toparyň işi, ony dolandyrmagyň usullary, žurnalistik tekstiň görnüşleri, žanrlary, gurluş-kompozisiýa aýratynlygy, neşiriň täze sanynyň çykarylyşy, žurnalistleriň hünär borçlary we beýleki ugurlar barada maglumatlar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: