BIZE YAZYARLAR

Sagdyn durmuşy wagyz edýäris

Şu günler etrabymyzyň çagalar baglarynda yzygiderli bolup, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän düşündiriş işlerini, wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Bu ähmiýetli çärelere saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hem giňden çekýäris. Olar körpelere sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň zerurlygyny jikme-jik düşündirýärler. Her adamyň öz saglygyny goramaga jogapkärçilikli çemeleşmege borçludygyna ünsi çekip, bular dogrusynda zerur maslahatlary berýärler. Şonda özümizde ýetişdirilýän gök, bakja we miwe önümleriniň, dermanlyk otlaryň saglygy goraýjylyk, bejerijilik häsiýetlerini düşündirýärler. Şol bir wagtda olar wagtly-wagtynda lukmanlyk barlagyndan geçmegiň ähmiýetine ünsi çekýärler we berlen maslahatlara berk eýermekligi ýatladýarlar.

Lukmanlar şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy hemişelik endigine öwürmelidigini nygtaýarlar.  Çünki arassaçylyk saglygyň gözbaşydyr. Elleri arassa saklamak sagdynlyga tarap hereketleriň iň ýönekeýje usuly bolsa-da, ol iň ygtybarlysy, iň bir zerurydyr we kesel döredijileriň geçiş ýollaryna garşy aýgytly ädimdir. Köp keselleriň, aýratyn hem, çagalaryň arasynda elleriň we dem alyş ýollarynyň üsti bilen ýaýraýandygyny ýatladýarlar.

Şeýle-de biziň her birimiz şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini berk berjaý etmelidiris. Açyk howada agyz-burun örtügini aýryp, ýapyk binalarda we awtoulaglaryň ähli görnüşlerinde bolsa talabalaýyk dakynmagy unutmaly däldigini etrabymyzyň çagalar baglarynda geçirilýän duşuşyklarda aýratyn üns berilýän ýagdaýdyr.

Rozygül Açylowa,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: