Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty
Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp şaý-sepleri ýasamagy başarypdyrlar.
Taryhy çeşmelere görä, bir türkmen aýalynyň dakynýan şaý-sepi azyndan 7-10 kilogramdan 36 kilograma çenli bolupdyr. Türkmen aýal-gyzlarynyň dakynýan şaý-sepleri gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýandyr. Marydan, Köneürgençden, Namazgadepeden, Nusaýdan tapylan aýal heýkelleri, olaryň dakynýan monjuklary, gulak halkalary, şaý-sepleri muňa şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty diňe hünär bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş zerurlygydyr, onuň öz pelsepesi we dünýägaraýşy, çeperçilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri bardyr. Kämil ussanyň elinden çykan şaý-sep ýurdumyzyň çetki bazarlarynda satylsa-da, onuň haýsy ussanyň ýasandygyny bilipdirler.
Meşhur türkmen şahyrlarymyzyň arasynda zergärleriň bolmagy hem tötänden däldir, olar bu kär bilen gün-güzeranyny aýlap, özlerini tutuşlygyna bu sungata hyzmat etmäge bagyşlapdyrlar.
Uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen zergärleriniň biri biziň milli şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Magtymgulynyň döwürdeşi, ajaýyp şahyr we serkerde Magrupy hem ussat zergär bolupdyr.
Ussat senetçilerimiziň sünnäläp ýasan ajaýyp eserleriniň içinde gyz-gelinleriň dakynýan şaý-sepleri dürli-dürliligi bilen tapawutlanypdyr. Olar kümüşden ýasalan, ýüzüne altyn çaýylan bilezikdir kökenli ýüzükler, gulaga dakylýan halkadyr monjuklar, gyz tahýalaryna dakylýan gupbalar, gülýakalar, apbasylar, çapraz-çaňňalar, bukawlar, heýkeller, tumarlar, maňlaýlyklar we ş.m.
Zergärler öz sungatynyň üsti bilen özleriniň gelin-gyzlaryny boýdan-başa bezäpdirler. Şaý-sepleri dakynmak ýeňil bolmandyr. Durşuna owaz bolup duran şaý-sepler gaty usullylygy, ykjamlygy, asyllylygy talap edipdir. Sähelçe artykmaç hereket edilende olar her bir adamyň ünsüni özüne çekipdir. Şonuň üçin türkmen gyzlarynyň oturyp-turuşlary, özlerini alyp baryşlary asyllylyga we edeplilige ýugrulandyr.
Zenanlaryň görküne görk goşýan şaý-sepleriň biri hem kellesine geýýän börügidir. Ýokarsy giňelip, gyzyl mata bilen örtülen börügiň ýüzi uzyn kebelek şekilli bäş, alty ýa-da dokuz sany kerpiç-kerpiç böleklerden ybaratdyr. Onuň ýüzi hakyk gaşy bilen bezelen şelpesiz maňlaýlyk bilen örtülýär. Zenanlaryň börügine dakylýan şaý-sepleriň hem aýratynlygy bolupdyr.
Şelpeli maňlaýlyklary ýaş gelinler, şelpesiz maňlaýlyklary bolsa ýaşy kyrkdan geçen zenanlar dakynypdyr.
Jeren Çaryýewa
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby