BIZE YAZYARLAR

Iňlis dili – halkara dil

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýöredýän içeri syýasatynda ylym-bilim ulgamyna döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde garalýar. Ylym-bilim Türkmenistany innowasion esasda özgertmegiň ygtybarly guralydyr. Ylymda we tehnikada öň hatarda bolmak, täze tehnologiýalary ele almaga ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak häzirki döwürde durmuşa geçirilýän dil syýasatynyň möhüm wezipesidir. Onuň çözgütleri “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” beýan edilendir. Bu başlangyçlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen mejlisinde gol çeken “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permany, “Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny” tassyklaýan Karary, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” tassyklaýan Karary hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy” bilen kesgitlenýär. Bu resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim beriş işini özgertmegiň esasy aýratynlyklary, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylyşy, şeýle hem innowasion çemeleşmeleriň zerurlygy, iňlis dilini okatmagyň usulyýetini ylmy taýdan esaslandyrmagyň möhümdigi ýüze çykýar.

Bu möhüm resminamada 2019 – 2025-nji ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn ýerine ýetirilmeli işleriň sanawy berilýär. Şeýlelikde, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde, hünär taýýarlygy bilen utgaşyklylykda, daşary ýurt dillerini özleşdirmek talap edilýär. Hususanda, öwrenilýän hünär ugruna degişli sözler, söz düzümleri, adalgalar türkmen dilinde aýdylyşy, many-mazmuny bilen deňeşdirilip, degşirilip özleşdirilýär.

Diliň aragatnaşyk serişdesi hökmünde hyzmaty uludyr. Dil adamlaryň arasynda möhüm aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Bu biziň beýleki adamlar bilen pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy we duýgularymyzy paýlaşmagyň, düşünişmegiň ýoludyr. Dünýäde müňlerçe dil bar. Her bir ýurduň milliligi, däp-dessurlary onuň dil aýratynlygynda aýdyň şöhlelenýär. Iňlis dili dünýäde giňden ýaýran dilleriň biri. Häzirki döwürde, bilşimiz ýaly, her bäş adamdan bir adam iňlis dilinde gürläp ýa-da iň bolmanda, düşünişip bilýär. Iňlis dili dünýäde bolup geçýän wakalara, dürli ösüşlere syn etmäge, ylmy çeşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berýän dildir.

Dünýäde dilleriň sany köpdür. Her bir ýurduň döwlet gurluşy, ýöredýän syýasaty, halkynyň däp-dessurlary dilinde aýdyň şöhlelenýär. Iňlis dili dünýäde giňden ýaýran, ýörgünli dilleriň biridir. Ol dünýäde bolup geçýän wakalara syn etmäge, ösüşlere düşünmäge, ylmy çeşmeleri öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Türkmenistan boýunça daşary ýurtlar bilen baglaşýan şertnamalar, ylalaşyklar, kabul edilýän jarnamalar, konwensiýalar iňlis dilinde taýýarlanylýar.

Iňlis dilini öwrenmek we giňden ulanmak Ýewropada, şeýle hem dünýäniň beýleki yklymlarynda ýaýran hadysadyr. Beýik Britaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň senagatynyň, ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň ösmegi bilen, iňlis diliniň ulanylyşy has-da giňedi.

XX asyryň başyndan iňlis dili halkara dil hökmünde giňişleýin ulanylmaga başlanýar. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň, Birleşen Milletler Guramasy döredilip, oňa agza ýurtlar özara gatnaşyklaryny bu guramanyň resmi dilinde (iňlis dilinde) alyp barýarlar. Iňlis dili ýönekeý aragatnaşyk serişdesiniň hyzmatyny ýerine ýetirýän gural bolmak bilen çäklenmän, eýsem, diplomatlaryň hünär dilidir. Bu ýagdaý iňlis dilini halkara aragatnaşyk serişdesiniň derejesine göterýär. Diplomatiýa dürli ýurtlaryň we guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy dawasyz, birek-birege bähbitli, hormat goýmak çygrynda işjeňleşdirmegiň guraly hökmünde halkara derejesine eýedir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: “Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym. Geliň, onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirleneliň!” diýen sözleri ýurduň daşary syýasatyny amala aşyrmakda, milli bähbitleri goramakda hem-de parahat durmuşy üpjün etmekde gepleşikleriň aýratyn hyzmatyny nygtaýar. Olar köp tarapdan giň dünýägaraýyşly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, söz ussady, daşary ýurt dillerini suwara bilýän, özge halklaryň medeniýetinden, taryhyndan, edebiýatyndan, edim-gylymlaryndan akylly başly baş çykarýan hünärmen bolmalydyr.

Halkara derejeli hünärmenleri taýýarlaýan mugallymlar diliň inçe syrlaryny, sözüň ýasalyş ýollaryny we ulanylyş aýratynlyklaryny talyplara açyp görkezmelidir. Munuň üçin iňlis dili mugallymlaryndan okadýan dersiniň nazary we amaly taraplaryna degişli bolan we okatmakda ýokary netijeleri berýän döwrebap usullar talap edilýär. Şeýle usullar adaty we innowasion görnüşlerde bolup biler. Mugallym öwredilýän ders boýunça okuw sapagyny dolandyrmakda merkezi orunda durýar. Ol talyplaryň sapakda özlerini alyp baryşlaryndan başlap, öwredilen okuw maglumatlaryny özleşdirişlerini, täze temanyň öwrediliş derejesini seljermegi we ondan netije çykarmagy başarmalydyr.

Daşary ýurt dilini talybyň hünär ugry bilen baglanyşdyryp okatmak ýurdumyzyň ähli ýokary okuw we orta mekdeplerinde ýola goýuldy. Islendik dil öwrenilende, grammatikany bilmezden ýa-da grammatik kadalara eýermezden, sözleýşi amala aşyrmak başarnygyna eýe bolmak mümkin däl. Dil öwrenilýän sapaklar dürli usullary talap edýär. Mugallym wagty tygşytly ulanmagy, netijeli öwrediş ýollaryny gazanmagy, şol bir wagtyň özünde, höweslendiriji usullardan peýdalanmagy, öwredýän maglumatlarynyň mukdaryny, hilini bozmazdan, ýokary hilli okatmagy başarmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesine bildirýän talaplaryndan ugur alyp, ýaşlaryň daşary ýurt dilinde erkin gürläp, pikirini dürs beýan edip, ýazmaça hem dilden terjimeçilik ukyplaryna eýe bolmaklaryny gazanmak babatynda alyp barýan ylmy esasly işlerimizi barha kämilleşdirýäris.

Melýaýew Ismail

“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň agzasy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: