DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýuliýa Peresild HKS-dan Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşyjylara ýüzlendi

Üçünji Ýewrazia zenanlar forumyna gatnaşyjylary Halkara kosmos stansiýasynda çeper filmi surata düşürmegiň üstünde işleýän aktrisa Ýuliýa Peresild gutlady, diýip «Российская газета» ýazýar.

Onuň aýtmagyna görä, älem zenanyň Ýerdäki ornuna düşünmegine kömek edýär. «Biziň wezipämiz ýakynlarymyzy goramakdan, dünýäni goramakdan, saýýaramyzy goramakdan ybarat» diýip, ol aýtdy.

Foruma gatnaşyjylar onuň ýüzlenmesini el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: