TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda gatnaşyjylary GDA-nyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen gutlap, «Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge ählitaraplaýyn taýýardyr. Şu günki günde Arkalaşyk öz işjeňligini, howplary we gapma-garşylyklary jogapkärçilikli ýollar bilen ýeňip geçmegi başarýandygyny subut edýär hem-de döwletara gatnaşyklaryň wajyp guraly bolup hyzmat edýär» diýip belledi.

Ol GDA-nyň ykdysady ugurlarynyň we gyzyklanmalarynyň Arkalaşygyň geografik çäklerinden daşary öňe sürülmeginiň hem-de ýanaşyk ýurtlaryň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna integrirlenmeginiň wajyplygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, bu, ilkinji nobatda, ulag-üstaşyr infrastrukturany döretmeklige, energogöterijileriň üpjünçiligini işjeňleşdirmeklige we giňetmeklige, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň täze ugurlarynyň çekilmegine degişlidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: