Oba hojalyk özgertmeleri miwesini berýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen daýhanlarynyň toprakdan bol hasyl almaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, türkmen topragy — keramatly, sahawatly, bereketli toprak. Her gysym gumy zere-düre deňelýän bu toprak daýhanyň yhlasyna görä berekedini eçilýär. Ata-babalarymyz öz rysgyny hemişe ene toprakdan tapypdyr. Pederlerimizden galan bu ýörelge häzirki wagtda-da oba zähmetkeşleriniň durmuş ýörelgesiniň baş ugrdyr.
Ösüşlere beslenýän Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berdi. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem uly orun berilýär. Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, yzygiderli goldawy bilen ýurdumyzda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde öndürilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, olar üçin ätiýaçlyk şaýlary hem-de beýleki zerur serişdeler yzygiderli satyn alynýar.
Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu pudaga sanly elektron ulgam arkaly dolandyrmagy girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar hem-de bu babatda oba hojalyk bilimini we ylmyny ösdürmek, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri öwrenilýär. Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, obasenagat toplumyny düýpli özgertmekde, ýer serişdelerini netijeli ulanmakda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelere eýe bolýar.
Solmaz TAŇRYBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.