YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda gök önümleriň we miwäniň öndürilişi artýar

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Lebap welaýatynda atyzlardan söwda nokatlaryna 74,6 müň tonna gök önüm iberildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 5,7 göterim köpdür. Bakja önümleriniň öndürilişi bolsa dört göterime ýakyn artdy we 49,4 müň tonna barabar boldy.

Ýygnalan miweleriň we ir-iýmişleriň möçberi hem has artdy. Welaýatyň bagbanlary söwda nokatlaryna erigiň, almanyň, armydyň, şetdalynyň, garalynyň we beýleki miweleriň, şonuň ýaly-da ir-iýmişleriň 28,4 tonnasyny çykardylar. Bu bolsa ösüş depgininiň 17,4 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Üzümiň öndürilişi 6,7 göterim ýokarlandy. Bu witaminli önümiň 1,6 müň tonnasynyň alyjylara ugradylandygyny aňladýar. Ýylsaýyn içerki bazara ýeralma hem köp ugradylýar. Geçen ýedi aýda lebaply ýer eýeleri onuň 93,5 müň tonnasyny ýetişdirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: