Ýylda dokalmadyk matanyň 2,5 müň tonnasy öndürilýär

Bu ýokary görkeziji 2020-nji ýylda dokalmadyk matanyň (spanbond) önümçiligini ýola goýan «Türkmen senet» hojalyk jemgyýetine degişlidir. Kärhananyň önümleri ekologiýa taýdan arassa bolup, daşky gurşawa hiç hili zyýanly täsirini ýetirmeýär. Olar lukmançylyk eşiklerini we esbaplaryny, ýorgan-düşek taýýarlamakda, gurluşyk materiallaryny, ýantorbalary, örtükleri, arassaçylyk serişdelerini öndürmekde ulanylýar. Kärhanada dokma önümlerini gaplamakda ulanylýan, täze görnüşli torbalar öndürilýär.

«Türkmen senet» hojalyk jemgyýeti önümlerini Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan, Gyrgyz, Azerbaýjan, Özbegistan Respublikalaryna eksport edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector