BIZE YAZYARLAR

Ynsan saglygy — bagtyýarlygyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde durýar.

Raýatlaryň saglygy tutuş jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär. Jemgyýetiň sagdynlygy bolsa kuwwatly döwletiň esasydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň we hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň esasy özenini düzýär. Diňe bir Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda saglygy goraýyş ulgamyna Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleriniň goýberilmeginiň we saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesiniň gönükdirilmeginiň özem halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny etmek boýunça örän uly maksatlaryň öňde durýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap laşdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň milli tejribeler bilen utgaşdyrylmagy saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämil derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Halkymyzyň saglygyny goramaga we döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Serdar Öwezgeldiýew,

Welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkohirurg lukmany

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: