TÜRKMENABAT ŞÄHER BEÝIK WATANÇYLYK URŞY MUZEÝINDE GEÇIRILEN AMALY OKUW SAPAGY
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2023-nji ýylyň 26-njy maýyndaky buýrugy bilen tassyklanan umumybilim we ýörite bilim edaralarynda hünär ugurly okuwlary guramak maksady bilen, şol ýylyň 1-nji sentýabryndan ähli mekdeplerde degişli hünär okuwlary girizilip, Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebinde Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda) atly hünär okuwy açylyp, bu ugurda 11-nji synp mekdep okuwçylaryna nazary we amaly okuw sapaklary yzygiderli alnyp barylýar.
Ine munuň bilen baglanyşykly, Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýine 11-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Ekskursiýalary geçirmek we işläp taýýarlamagyň usuly esaslary” atly temada amaly okuw sapagy guraldy. Mugallym temany düşündirip, bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary muzeýde ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyşyp, olar bilen baglanyşykly gyzyklanan soraglaryna jogap aldylar. Bu bolsa mekdep müdiri Jeren Artykowanyň mekdep okuwçylaryny diňe bir nazary bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň amaly endiklerini ösdürmekde işjeň guramaçylykly zähmet çekýändigini görkezdi. Bu amaly okuw sapagy mekdep okuwçylarynyň muzeýe ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollary barada gelip öwrenmeklerine, olaryň şöhratly taryhymyz barada düşünjelerini has-da giňeltmäge ýardam berdi.
Gözel EMINOWA, Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.