BIZE YAZYARLAR

Söz soltanlygy

Bir danadan: «Dünýäde iň lezzetli zat näme?» diýip soranlarynda, ol pikirlenmezden: «söz» diýip jogap beripdir. Hut şonuň üçin hem islendik jemgyýetde çeper söze iň uly gymmatlyk hökmünde garalyp, gadyr, hormat goýulýar. Bu bolsa dünýä medeniýetinde halka ýakyn şahyrlaryň we eserleriň döremegine getirýär. Bu hakykaty Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Alişer Nowaýy, Mahmyt Kaşgarly, Ferdöwsi… ýaly ägirtleriň döredijiliginiň mysalyna hem görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, bu söz ussatlarynyň döreden gymmatly eserleri, wagyz eden pentleri we wesýetleri üstünden ençeme asyrlar geçse-de öz ähmiýetini ýitirmeýän halk arasynda ýaşap, arzylanylyp gelinýär.      

Birek-birege ýagşy söz aýtmak, birek-birek bilen hoş sözleşmek ynsanyň ýokary medeniýetliliginden hem habar berýär. Hut şonuň üçin hem dili kelamly ýaşulularyň özara gepleşikde, sözleşikde ulanýan äheňleri, tärleri il arasynda ýörgünli bolupdyr. Hoşamaýlyk bilen aýdylýan sözler diňe bir gulaga däl, eýsem, kalba ýakynlygy bilen hem ynsan göwnüni awlamaga ýardam edýär. Edil şonuň ýaly, birek-birege ak arzuwlar aýdylanda, ýagşy niýetler edilende hem söz ummanyndan iň dürdäne jümleler saýlanyp alynýar. Ýekeje söz bilen ynsanyň ruhy ahwalyna täsir etmek mümkindir. Ýagny ynsanyň şatlanmagy, ruhunyň ýokarlanmagy, täze işlere höwesiniň döremegi üçin ýekeje söz ýeterlikdir. Ýa-da ynsanyň göwnüniň çökmegi, edýän işinden eliniň sowamagy, göwnüniň galmagy üçin hem ýekeje aýdylan ýakymsyz sözüň täsiri uludyr.    

Şonuň ýaly-da nusgawy şahyrlarymyz sözüň gymmatyny dürli žanrlaryň, usullaryň üsti bilen çeper suratlandyrmagy hem başarypdyrlar. Bu bolsa halk döredijiliginiň döremegine getiripdir. Nakyllardyr atalar sözleriniň hem gysga bolsa-da özünde çuň manyny, giň düşünjäni saklaýandygyny aýtmak gerek.    

Paltagül Akyýewa, 

Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: