BIZE YAZYARLAR

Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy geçiriler

Geljek hepdäniň şenbe güni ― 18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bak ekmek dabarasy geçiriler. Bu baradaky degişli Karara hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Agzalan Hökümet mejlsinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli işler, hususan-da, ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Lebap welaýatynda hem guramaçylykly geçiriler. Milli Bahar baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek bu ekologiýa çäresine welaýatymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hem taýýarlyk görlüp başlandy. Şol gün ― 18-nji martda ählihalk göreldesine eýerip, täze bag nahallaryny ekmäge we ozal ekilenlerine ideg etmäge agzybirlik bilen gatnaşarys.

Ulugbek ŞUHRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: