XVIII asyryň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymgult Pyragy Gündogaryň çeper söz sungatyny baýlaşdyrmakda, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen edebiýatyny ösdürmekde uly hyzmaatlary bitiren, türkmen halkynyň mertebesini belent derejelere göteren beýik akyldar şahyrdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmekde, gorap saklamakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ynsanperwerlik, watansöýüjilik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti ulydyr. Şoňa görä hem ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we geljekki ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, halk bitewüliginiň parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de öz gymmatyny ýitirmeýär. Şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, dostluk, söýgi, edermenlik baradaky şygyrlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzyna öwrülip, Jemşidiň jamyna, hiç wagt könelmejek, gymmatyny ýitirmeýän gymmatbahaly daşa meňzedilmegi hem ýöne ýerden däl.
Ähli döwrüň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir döwrüň keşbini, halkyň durmuşyny, gylyk-häsiýetlerini görkezmän, eýsem, geljekki nesilleriň kalbyna, ruhy dünýäsine egsilmeýän täsir ediji güýç bolup hyzmat edýär.
Şahyr ,,Türkmen binasy”, ,,Türkmeniň” ,,Çoh garaşdym ajap eýýäm gelmedi” goşgularynda türkmen halkynyň agzybir, bir başly bolmagyny arzuwlapdyr. Şahyryň goşgularynda türkmen tebigaty esasy orunda durýar.
Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstsnden öserýeli türkmeniň,
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.
Akyldar şahyryň bu goşgy setirleri arkaly watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygyny aýdyň görýäris.
Magtymguly Pyragynyň ýene-de bir ajaýyp goşgularynyň biri hem ,,Meýdan ýoluksa” diýen goşgusydyr. Bu goşgy setirlerinde şahyr adamkärçiligiň beýik nusgasyny görkezýär, namart adamlary tankyt edýär.
Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal, meýdan ýoluksa,
Ýigit ölse, heňgam galar döwranly,
Wagtyňy hoş geçir döwrn ýoluksa.
Magtymguly, öwüt bergil söz bile,
Eşiden deň bolmaz gören göz bile,
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.
Dana şahyryň ähli goşgularynda hem watansöýüjilik, ynsanperwerlik, mertlik, söýgi, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak wagyz edilýär. Şeýle hem şahyr erbet gylyk häsiýetleri tankyt edip ,,Aňlamaz”, ,,Gybatkeş”, ,,Çilimkeş”, ,,Çilim”, ,,Nas atan” ýaly goşgularynyň üsti bilen erbet gylyklardan daşda durmaklygy nesihat edýär.
Şeýle ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda toýlary-toýlara ulaşýan türkmen diýarymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, türkmen halkyny bagtyýar günlerde ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň ,,Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
IV ýyl talyby Ýagşymyradowa Jennet.