JEMGYÝET

«Twitter» Jek Dowrsisiz galdy

«Twitter»-i esaslandyryjy Jek Dorsi baş direktoryň wezipesinden gitdi. Ol 2006-njy ýyldan bäri «Twitter»-3 dyngysyz ýolbaşçylyk etdi. Onuň baýlygy 12 milliard dollara barabar, diýip «bbc.com» ýazýar.

Kompaniýa işini täzeden guramakçy we «Facebook» hem-de «TikTok» bilen bäsdeşligi saklamakçy.

Baş direktoryň wezipesinden gidenden soň Jek Dorsiniň ýerine dört ýyllap «Twitter»-iň tehniki direktory bolup işlän, gelip çykyşi boýunça hindi Parag Agrawal geçer.

Özüniň hususy sosial setinde Dorsi işgärleri üçin hoşlaşyk hatyny goýdy. Onda: «Belki, hemmäňiz eşidenem dälsiňiz, ýöne men «Twitter»-den gitdim» diýlip ýönekeýje aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: