Ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

 Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebinde 2007—2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we Döwletliden başga etraplardan türgenler gatnaşdylar. Iň güýçli diýen ady almak ugrunda 231 oglan we 83 gyz göreşdi.

Ýaryşlara Türkmenabat şäherinden iň köp türgen gatnaşdy. Birinjiligi almak ugrunda bu şäherden 81 oglan we 52 gyz göreşdi. Farap etrabyndan 66 oglan we 2 gyz, Köýtendag etrabyndan bolsa 35 oglan we 19 gyz gatnaşdy.

Tutluşyklaryň jemi boýunça 7 sany birinji, 11 sany ikinji we 15 sany birinji orunlary eýelän Türkmenabat şäheriniň (4SM) topary birinji, 3 sany birinji, 4 sany ikinji we 13 sany üçünji orunlary eýelän Köýtendag etrabynyň türgenleri ikinji, 6 sany birinji, 3 sany ikinji we 7 any üçünji orunlary eýelän Farap etrabynyň topary üçünji ýere mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector