BIZE YAZYARLAR

  Talyp joşguny

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň zalynda konsert geçirildi.Konsertde ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaş sazandalary dünýä belli,gündogar we ýewropa,halk saz sungatyna degişli bolan sazlar bilen çykyş etdiler.

 Welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby Marýam Tursunowa P.Morlacchi “II Pastore Svizzero”, D.I.Dinicui “Hora staccato”, G.Briccialdi “II Vento” sazlary fleýta saz guralynda ýerine ýetirdi.Marýam dinamiki belgileri dogry , 32 lik notalary, eserleri ajaýyp , wirtuoz , owadan ýerine ýetirmegi başardy.

 “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň   III ýyl talyby Behruz Ýoldaşew klarnet saz guralynda A.Messager Solo de Concours; Paul Jeanjean Le Carnawal De Venise; şeýle hem belli türkmen kompozitor Çary Nurymowyň “Adajio” eserini ussatlyk bilen çaldy.Çary Nurymowyñ eserinde ulanylan perdeleri gowy, doly  görkezmegi , eseri ussatlyk bilen çalmagy başardy.Behruz forte(f),piano(p),fortissimo (ff) , pianissimo (pp) ýaly dinamiki belgileri doly we dogry görkezdi.

 “Fortepiano” bölüminiň II ýyl talyby Batyr Joraýew Friderik Şopen “Etýud” op 10 N 1; Miliý Blakirýew Glinkanyň dünýä belli  “ Жаворонок”  romansynyň transkripsiýasy; Sergeý Rahmaninowyň “Prelýudiýa” (g moll) op 23 eserleri bilen çykyş etdi.Çylşyrymly , kyn eserleri säginmän ýerine ýetirmegi başardy.

 Ýaş talyp sazandalara geljekde döredijilik we sungat äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris!

 Biz ýaşlara okamaga,döretmäge şeýle giñ mümkinçiligi döredip beren hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

 

 Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniñ

 ” Sazyñ taryhy we nazaryýeti ” bölüminiñ

   IV ýyl talyby Ogulbeg Ýegenowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: