SPORT WE SYÝAHAT

UEFA: «Klublar tälimçilerini çalt çalyşýarlar»

UEFA tälimçiler bilen baglanyşykly statistikany yglan etdi. Habarlara görä, Ýewropanyň iň gowy ligalarynda bir tälimçiniň ortaça iş möhleti 16 aýdan ybaratdyr.

Mysal üçin, geçen möwsümiň dowamynda bütin Ýewropa döwletleriniň ýokary ligalarynda 735 tälimçi çalşyldy. Diňe APL-nyň özünde 2022-2023-nji ýylda jemi 15 tälimçi ornuny üýtgetdi.

1209 sany hyzmat edýän tälimçileriň diňe 5 göterimi bäş ýa-da has köp möwsümiň dowamynda bir klubda işlemegi başardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: