YKDYSADYÝET

Köýtendagdan gadymy jandaryň galyndysy tapyldy

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Köýtendagyň eteginde geçirilen geologiki gözlegler netijesinde ýüze çykarylan gadymy jandaryň galyndysyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrdy. Bu tapyndy baryp mundan 150 million ýyl ozal boş içegeliler toparyna degişli bolan merjen polipleridir. Merjen polipleri deňizlerde ýaşaýan köpöýjükli oňurgasyz jandarlardyr.

Täze tapyndy Türkmenistanyň diňe ýerasty baýlyklaryna däl-de, eýsem, geologiki-taryhy tapyndylara baýdygyny görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: