DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýeriň ilaty 8 milliarddan aşdy

Ösüş depgininiň peselendigine garamazdan, geçen ýylda Ýer ýüzüniň ilaty 66 million adam artdy we 8 milliard 73 million adama barabar boldy. Bu barada Germaniýanyň «Ýeriň ilaty» (DSW) gaznasy habar berdi. 

BMG-niň Ilat gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, Ýeriň ilaty 1965 — 1970-nji ýyllarda has ýokary depginde artypdyr. Şondan bäri bu görkeziji iki essä golaý peselipdir. ABŞ-nyň ilat ýazuwy boýunça býurosy 9 milliardlyk sepgide ýetmek üçin 14,1 ýylyň, 9 milliarddan 10 milliarda ýetmek üçin bolsa 16,4 ýylyň gerek boljakdygyny çaklaýar. 

Afrika ilaty has çalt depginde artýan yklymdyr. 2050-nji ýyla çenli Ýer ýüzüniň ilatynyň esasy ösüşi bu yklymyň ýurtlarynyň hasabyna bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: