DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaý kompaniýasy «Sumo» oýun studiýasyny satyn aldy

«WeChat» mesenjeriniň eýesi bolan «Tencent» hytaý kompaniýasy 1,27 milliard dollara wideoýunlary taýýarlamaga ýöriteleşdirilen «Sumo» britan studiýasyny satyn aldy. Bu barada «The Verge» neşirine salgylanmak bilen, «Российская газета» habar berýär. Indi «Tencent» korporasiýasyna kompaniýanyň ähli aksiýalary we studiýanyň taýýarlan işleri degişli bolar. Şu wagta hytaý kompaniýasy aksiýalaryň 8,75%-ne eýelik edýärdi. Bu 2021-nji ýylda bahasy bir milliardan geçen ikinji söwdadyr. Fewralda «EA» «Codemasters»-ny takmynan şonça pula satyn alypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: