DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Älem giňişligine syýahat bir ýyldan başlar

Älem giňişliginiň syýahatçylarynyň ilkinji toparynyň arzuwy ýene bir ýyldan ― 2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda amala aşmagy mümkin. Şol gün ilkinji syýahatçylary Russiýanyň «Soýuz» älem gämisi bilen Halkara kosmos stansiýasyna alyp çykmak meýilleşdirilýär.
Şol bir kosmonawt bilen iki syýahatçy Baýkonur stansiýasyndan «Soýuz MS-20»-ä atlanyp, älem giňişligine sary göterilerler. Olar 20-nji dekabrda Ýere dolanyp gelerler.
Häzirlikçe bu syýahaty alyp barjak kosmonawtyň ady belli däl. Ozalrak Aleksandr Misurkin bilen Sergeý Prokopýewiň ady görkezilen bolsa-da, bu mesele 2021-nji ýylyň ýanwaryna çözgüdine gowşar.
Syýahatçylaryň birinji topary bilen şertnama 2019-njy ýylda baglaşyldy. Umuman, bu şertnamada ýedi syýahatçynyň ady görkezilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply