DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Marsyň üstünde 410 metr geçdi

Hytaý Marsy öwrenmek üçin iberilen rower «Týanwen-1» Gyzyl saýýaranyň üstünde 410 metr gowrak aralygy geçdi. Bu barada Hytaýyň merkezi Telewideniýesine salgylanmak bilen, «Известия» ýazýar. «Maglumatlara görä, «Çžužun» Marsda ýöreýjisi sagat 20.00-a çenli (Aşgabat wagty bilen 17.00) 410,025 metr aralygy geçdi, onuň iş ýagdaýy kadaly» diýlip, habarda aýdylýar. Geçen ýylyň 23-nji iýulynda Hytaý Marsa «Týanwen-1» barlag zondly «CZ-5» agyr göteriji raketaly uçurypdy. 15-nji maýda zond Marsa düşdi. Şondan bir hepdeden soň «Çžužun» platformadan düşdi we Marsy öwrenmäge girişdi. Zonduň ol ýere iberilmeginiň esasy maksady Gyzyl saýýarada ýaşaýşyň mümkin bolan alamatlaryny ýüze çykarmakdan, şonuň ýaly-da bu şertleriň geljekde üýtgemegi bilen bagly meseleleri öwrenmäge kömek etmekden ybarat. Bu alymlara Marsyň adamlaryň ýaşamagy üçin ýaramlydygyny ýa-da ýaramly däldigini öwrenmäge kömek eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: