DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

2023-nji ýylda Rasul Gamzatowyň doglan gününiň ýüz ýyllygyny bellärler

Dagystanda şahyr Rasul Gamzatowyň ýubileýini baýram etmegiň çäreleriniň meýilnamasyny taýýarlaýarlar, diýip, sebitiň hökümetiniň saýtynda habar berilýändigi barada «ТАСС» ýazýar.

Şahyryň doglan gününiň ýüz ýyllygyny 2023-nji ýylda belleniljekdigi bellenilýär. RF-niň Prezidentiniň permanyna laýyklykda onuň guramaçylyk komiteti tassyklanyldy.

R.Gamzatow 1923-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Dagystanyň Sada obasynda eneden doguldy. Onuň onlarça şygryýet, proza we publisitiki eserleri awar we rus dillerinde çap edildi. Olaryň hatarynda «Beýik ýyldyzlar», «Hatlar», «Meniň doglan ýylym» ýaly eserler bar. Şahyryň goşgularynyň köpüsine saz ýazyldy. R.Gamzatow 2003-nji ýylyň 3-nji noýabrynda aradan çykdy. Ol Dagystanyň Tarki-Tau dagynyň etegindäki Tarki şäherçesindäki musulman öwlüýäsinde jaýlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: