DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Sowatsyz zenan öz elipbiýini düzdi

Hindistanly 65 ýaşly şahyra Zarifa Jan ýazyp we okap bilmezden bir ýygyndylyk goşgy ýazdy, diýip «mail.ru» ýazýar.

Zenan durmuşa çykanyndan soň 80-nji ýyllarda goşgy düzüp başlapdyr. Şahyranyň aýtmagya görä, bilimi bolmany üçin ol goşgynyň nämedigini hem bilmeýän eken. Ýöne bir gezekki kiçijik wakadan soň ol ukudan oýanypdyr we onuň kellesinde öz-özünden goşgy setirleri döräp başlapdyr.

Jan goşgulary öz ene dilinde — kaşmiri dilinde düzýär, ýöne sowatsyzlygy üçin olary ýazyp bilmeýär. Şahyra ýakynlary kömege gelipdirler: adamsy goşgulary audiokassetalara ýazdyrypdyr, gyzy bolsa az-kem bilýän kaşmiri dilinde ýazga geçirmäge synanyşypdyr. Ýöne Jan bu çykalga däl diýip hasaplapdyr we belli bir sözleri aňladýan dürli nyşanlardan durýan özüniň elipbiýini oýlap tapypdyr.

Şeýle ulgamyň kömegi bilen Zarifa söýgä we ýitgilere bagyşlanan 300-e ýakyn goşgy ýazmagy başarypdyr. Häzir ýakynlary onuň eserleriniň ýygyndysyny iki görnüşde — şifrlenen we kaşmir elipbiýine geçirilen görnüşlerde çap etmegi meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: