Seýdiniň pagta egriji fabriginiň önümleri eksporta ugradylýar

 Lebap welaýatynyň Seýdi şäherindäki pagta egriji fabriginde şu ýylyň geçen on aýynda 45 million 43 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 4 million 582 müň manatlyk köpdür.

Şu döwürde taýýar önümleriň 3 müň 167 tonnasy eksporta ugradyldy. Manat möçberinde daşary ýurtlara iberilen harydyň bahasy 45 million 43 müň manada barabar boldy.  Bu geçen ýylyň on aýyndakysyndan 2 million 988 müň manatlyk köpdür.

Fabrigiň önümini Belarusyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector